Огулабад Рустамова

Очень плохоПлохоУдовлетворительноХорошоОтлично (10 голосов, средний бал: 4,50 из 5)
Загрузка... 1Я родилась в 1961 год в Туркменистане. В 1978 году закончила школу, в 1983-1988 годы  закончила ТГИ по физической културе. Занималась традиционным  карате. На протяжении 28 лет работала в качестве журналиста в разных газетах ,журналах и на телевидении. Писала рассказы, повести, стихии, публицистику, очерки о творческих людях. Изучаю клинопись, символы которой которая встречается в узорах туркменской националной одежды и ковровых изделиях, сделала филмь о сходстве  туркменских символов с рунической писменностью. Умею монтировать свои филмы. Умею делать все виды туркменской ручной работы и могу готовить натционалные блюда.  В данный момент работаю тележурналистом. ______________________________________________________________________________________________________              HAÝA NIKAPLY HEÝKEL                   /hekaýa/ Aýtuwak ejäniň  giň mellegi bardy. Onuň birje otagdan ybarat bolan hütdüjek jaýynyň agzy gündogara bakyp durdy. Aslyna seredeniňde-hä Aýtuwak eje üçin jaýyň agzynyň nirä bakýanynyň düýbünden parhy ýokdy. Onyň gara garagy ýeke doganynyň agysyny aglap kör bolupdy.  Bu garrynyň  oturan jaýyny obadaşlary ýowar edip salypdylar. Şol jaýjagazyň sähetli gün ýerini ölçänlerin-de Ýakupmyrat aga: «Tamyň agzyny meniň howlyma bakdyraýalyň. Çagalar girende-çykanda göz-gulak bolup durar ýaly» diýipdi. Ýakupmyrat  aga bu naçaryň mellegi bilen öz mellegine deň gara göz bilen garardy. Şonuň üçin-de mellegiň gül-pürçük bolup oturmagy daşyndan seredene bu howlydan erkek kişiniň örmeýäni  bildirmezdi. Aýtuwak ejäniň mellegi biziň mellegimiziň aýak ujunda ýerleşýärdi. Ejem  her gezek çörek bişirenin-de tamdyryň boýy bilen boýdaş edip ýapýan çöreginiň iň owadanyny Aýtuwak ejä ibererdi.  Ejem gara çorbadan başga näme bişirse-de,  ilki bilen bir okarajyga guýardy-da, «Bar gyzym Aýtuwak eneňe nahar eltip gel. Sogap bolar» diýip, meni ugradardy. Men gulpagymy tasadyp çörek bolsa-da, nahar bolsa-da äkitmäge hemişe döwtalapdym. Aýtuwak ejäniň gapysyny açanymdan  «Merjen gyzym! Ýene çörek getirdiňmi. Wah, şu ejeňe çöregiň ýarjygny iberäý diýsemem hiç edenok-da. Gaýta «Aýtwak eje iýýeniňi iý, galanyny gatasa-da, özüm äkidip çagalara çorba dograp beräýerin diýýär» diýip, söze başlardy. Aýtuwak ejäniň  meni aýak sesimden tanaýşyna onuň nury öçük manysyz  gözlerine geň galyyp serederdim.. Oňa çörek eltip berenim-de ownuk- uşak işleri bolsa, ederdim. Ýöne Ýakupmyrat   aganyň agtygy Sülgün maňa iş goýmazdy. Haçan  görseň ýa-ha, olara girip barýandyr ýa-da, çykyp barýandyr. Sülgüniň gijesine-de Aýtuwak ejäniň ýanyn-da ýatasy gelýär welin garrynyň özi göwnänok. Bir gün ejem gün guşluk boluberen-de çörek bişirip geldi-de, Çöreginiň arkasyn-da tamdyryň kesegi bolmasa-da «Halallyk üçin» diýp, howul-hara gazşdyryp, ýaýratdy. Ejem çörek gazap otyrka: -Bar gyzym başatgyjymy al, Aýtuwak ejeleriň köçesindäki  Bäşim aga pahyr bolupdyr. Şony ugratmaga gitjek» diýdi. Gapydan çykyp barşyna-da  «Aýtuwak ejelere çörek äkidewergin gyzym» diýip goňşy aýýallar bilen gitdi. Men ejemiň edişi ýaly çörekleriň içinden  iň ullakanyny hem-de gowy gyzaryp, ýalpyldap bişenini alyp saçaga doladym-da, Aýtuwak ejelere gitdim. Aýtuwak ejelere baranym-da onuň hem başyna pürenjek atynyp işik-de duranyna geň galyp: - Aýtuwak eje! Siz nirä barýaňyz –diýip soradym. Ol: -Merjen gyzym geleniň gowy bolaýdy. Ýör meni derwezäniň agzyna elit. H-o-l Bäşim agalardan çykan adamlar ses ýetime gelenini aýt-da onsoň eglenme-de öýňize gaýdyber-diýdi. Hiç zada düşünmän onuň diýeniniň birinden özgesini ýerine ýetirdim. Aýtwak ejä «Oturguç getirip bereýinmi» diýsem,  «Gerek däl» diýdi. Bäşim agalar syrgynyň aňrybaşyndady. Olardan topar tutup çykan adamlar  gaty-gaty ýöräp bize tarap gelýärdiler. Adamlaryň golaýa gelenini aýdanym-da Aýtwak eje: -Bar gyzym, indi gaýdyber. Men bir ýüregimi dökeýin –diýdi. Çaga bilesigeljiligim öýmüze gaýtmakdan saklady.  Tamyň ýeňsesin-de duran ýerimden Aýtuwak ejä syn etdim.  Onuň batyl gözleriniň kirpikleri syh-syhdy. Göz almasy hem nury öçük bolsa-da lowurdap durdy. Ýöne näme üçindir ýüzin-de beýleki aýallaryňkydan  üýtgeşik bir alamat bardy. Akja gyňajynyň ýaşmagy alkymyndan aýlangydy. Ýaňaklaryn-da hasratly  ýyllaryň  aýak yzlary bardy.Gyzyl el çabytlykdan tikilen başatgyjy göwşüllän bolsa-da, teýin-de sünnälenip tikilensoň öwadandy. Aýtuwak ejäniň derek boýy egilipdi. Şonuň üçin egnindäki sowsany köýneginiň öň etegi ýere galtaşyp durdy.  Ol gädigiň söýesine söýenip durşuna  batyl gözleri bilen aýak sesi gelýän tarapa bakyp  tutuşlygyna gulaga öwrülip durdy. Adamlaryň aýak sesleri eşdileninden Aýtuwak eje: - Ha Bäşim dogan senem ýola düşip barýaňmy. Gandarym ajal meniň Gyyç doganymy namyrat alyp gitdiňle. Jynazasy okalmadyk, ýüzüne gül suw sepilmedik mazarsyz dogan-eý. Naçar uýasyny ýalňyz goýan dogan-eý. Gara daglam ýykyldy-la, çynar boýlaň kesildi-le. Laçyn dogan, gögele dogan,  tä ýanyňa barynçam aglaryn dogan-eý. Dag arsalanna per bermedik doganym ganym güllesine gapyl basdyrdyň-la. Öl-ölünçäm ahmyryňdan çykma ýokdur. Dirilik-de gül ýüzüňe bakma ýokdur. H-a-aý çarhy peleg-eý, bir maňa tarap aýlansana. Namyrat doganymyň,  gyzyl kürte açmadyk, gyz ýüzüne bakmadyk är doganmyň, zor doganmyň gül ýüzini bir göreýin-ä–diýip aýylganç ses bilen  aglamaga  başlady.  Onuň sesini eşdenimden  beýnimiň inçejik damarlaryndan buz ýaly suwuklyk ýöräp gitdi. Gözümden bolsa gyp-gyzgyn ýaş akmaga başlady. Hiç kim urmasa-da, käýýemese-de aglanýandygyny birinji gezek görşümdi. Adamlar eginlerin-de bir zat göterip gaty- gaty ýöräp geçip gitdiler. Aýtuwak eje entegem aglap durdy. Goňşy gyzymyz Dursunjemal ylgap geldi-de, Aýtuwak ejäniň goltugyna girip öýe saldi. Dursunjemal owadan gözlerinden dört örüm saçynyň ugry bilen akýan gözýaşlaryny sylyp ýetişip bilenokdy. Şonda-da : -Aýtuwak eje, sesiňi goýaý-da, Sen aglasaň biri ýüregimi eline alyp kesim-kesim edip oturan ýaly bolýan. Indi azajyk köşeşäý-dä-diýp ýalbarýardy. Aýtuwak eje öýe gelensoňam  köşeşip bilmän kän aglady. Agysynyň arasynda: - Bah, jan balam  doganmyň derdi köşeşerden çökderdir. Meniň bagtyma   turman geçen haram uruş Sähetdenem aýyrdy-da -diýýärdi. Men öýüň bir burçunda çugtduryp oturşuma gözümden düwme-düwme döküp sessiz aglap otyrdym. Birhaýukdan soň Dursunjemal: –Bar jigim, sen öýňüze gaýdyber Aýtuwak ejä özüm serederin –diýdi. Men özümi bilelim bäri şunuň ýaly hala düşüp görmändim. Hiç zat bilen hezilim bolmady. Şol gije gyzdyryp, samrap çykypdyryn.  Meniň çaga dünýäm Aýtuwak ejäniň keç ykbalyna düşünerden gögeledi. Ýöne şonda-da hazan uran ykbalyň hasrady çaga kalbymy lerzana salan bolarly... Ol gussaly günden soň ýyllar geçdi.  Aga-gara düşünip  ugradym. Aýtuwak eje geçip barýan gölegçiniň deňesinde durup gyzyllaryň gelen ýyllarynda serhetden geçip barýarka ok degen soňam nire-de jaýlanany hem belli bolmadyk ýalňyz doganynyň agysyny aglaýan eken.  Obadaşlarymyz  Aýtuwak ejäniň derdini gozgamajak bolup oňa ölüm-ýitimi kän bir aýdyp ýörmezdiler.  Goňşy gyzlar bolup Aýtuwak ejäniň ýanyna her  agşam işimizi alyp gelerdik. Biz  hem-ä iş  ederdikr hemem garrynyň gyzykly gürrüňlerini diňlärdik. Şeýle günleriň birin-de, şol gussaly güni ýatlap Aýtuwak ejeden çekine-çekine dogany barada soradym. Garry çyragsyz gözlerine inen nemi ýygyrt atan  hem bolsa, henizem gözelligini ýitirmedik sülük barmaklary bilen süpürdi-de,  ömrüniň iň gymmatly baýlygy bolan dogany hakdaky ýatlamalaryny çözläp başlady... -Biz bir atadan iki dogandyk. Iner doganym Gylyç  ulusy menem kiçisi. Ejem  Maýagözel  ýaş üstünden gaýdyş bolanynda doganym dokuz ýaşynda men bolsa alty ýaşymdadym.  Kakam  Gadam  pahyram aslynda-da ýetim oglan. Ýetimiňem ýeri çopançylykdyr-da. Iner doganym tüňçe götermäge ýarandan kakamyň ýanyna gidipdi. Menem şu goňşy Ýakupmyradyň kakasy Meret aga bilen ejesi Jumanýaz gelnejemi yklap ýaşap ýördüm.  Men on bäş ýaşymdakam kakamy ýaz aýlary ýylan çakyp öldürdi. Şeýdibem  ýeriň ýüzün-de ýalňyz agamdan başga süňk hossarym galmady.  Garyş boýdan dagda-düzde gezen doganym Gylyç jan, dagyň arslany, dereleriň algyr Laçyny  bolup ýetişdi. Ol, her hepde-de meniň ýanyma gelerdi. Her geleninde-de goş haltasyny dolduryp aw etini getirerdi. Jumanyýaz gelnejem öz iýjegimizi  bir gyra aýryp goýardy-da, galanyny goňşulara paýladardy. Men agamyň awlap getiren towşanlarynyň aşyjagyny çöpläp gyşyjak aşyjygyň garynjygyny deşip sapaga düzerdim. Meniň bir düzüm bolup barýan towşan aşygymy gören Jumanýaz gelnejem  «Gyzym towşan aşygy düzümläp dakylýan däldir. Çagalara onuň ýekejesini towşanyň owlak bakary bilen temençejige ildirip «göz degmesin» diýip, tahýajygyndan dakylaýýandyr» diýdi. Menem «Jumanýaz gelneje, agam Gylyjyň, ogullaryň Ýakupmyradyň, Soltanmyradyň, Muhammetmyradyň, Maksatmyradyň hem ogullary, gyzlary bolanyn-da «dakaryn» diýip ýygnap ýörşüm» diýdim. Şon-da Jumanýaz gelnejem  «Wah,  haçar göwnüň maksady myrat tapsynda keýgim» diýdi. Agam köp geplemezdi. Ol her gezek gelenin-de diňe «Jigim gurgunmusyň» diýip bir ýylgyrardy. Şol söz meniň üçin dünýe malydy. Agamjanyň şol bir jübit sözüni eşitmek üçin tutuş bir hepdeläp garaşardym. Geýimlerini ýuwup-ýuwup ykyrdadypjyk, sypap-sypap epläp goýardym. Onuň bürgüdiňki ýaly ýiti gözlerine, iner çökeräýmeli eginlerine, derek boýuna  obamyzyň gyzlarynyň  gözi giderdi.  Men şeýle agamyň barlygyna Hudaýa şükür ederdim. Hürjemal atly uzyn saçly aý ýaly gyz bir gün suwa baranym-da, ýeňimden çekip   «Şuny awçy agaň gelen-de hiç kime duýdurman ber. Bu onuň aw etiniň deregine. Onsoňam aýt şoňa, boz keýikler diňe dag-da bolýan däldir. Ol käte oba-da awa çykaýsyn» diýip, köp manyly ýylgyrdy-da zerden çekilen ýaly ak gaýma tahýany elime tutdurdi.  Men tahýany Hürjemalyň berenini agama zordan aýtdym. Galan sözleri welin aýtmaga uýaldym. Ýöne ol döwür-de ýetişen gyzyň ýigi-de tahýa geýdirmegi sözsüz hem  gyzyň ýigit-de göwnüniň bardygyny aňladýardy. Hürjemal agama akgaýma tahýa bereninden soň, arzuwlaryň ummanyny gulaçlap-gulaçlap ýüzýärdim. Şo ýaşyma çenli Jumanýaz gelnejemiň maňa sesini  gataldan ýeri ýokdy. Ýöne meniň, agam, gelnejem bilen bileje ýaşasym gelýärdi. Öýden gyzyl kürteli gelin girip-çyksa öý dolan ýaly bolýar ahbetin. Onsoňam towşan aşyjagyny dakynyp jompuldap ýören jigilerimiň  didaryny şeýlebir göresim gelýärdi welin ýüregim atygsap kükregimi ýaryp barýardy. Meniň bagytly günlerim uzaga çekmedi. Gyzyl baýdakly bolşewik  gelip ýurda gan çaýkan döwri Gylyç agamyň «men» diýen wagtydy. Ol bir gezek  öýe gije  geldi. Onuň gözleri gan guýlan ýaly gyzyldy,ýüzi salykdy, eginleri sallanan ýalydy.  Arkasyn-da hemişekisi ýaly aw haltasy ýokdy. Adaty saglyk-amanlykdan soň Gylyç, «Jumanýaz gelneje, aýyplaşmaň, men Aýtuwak jigim bilen ikiçäk gürleşeýin-le» diýdi.  Jumanyýaz gelnejem  «Wah, gürleş boýuňa döneýin, gürleş» diýip, öýden çykyp gütdi. Gylyç  öz agam hem bolsa, ikiçäk galanymdan meni der basdy. Meniň ulugyz çykyp erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz bolup ilkinji gezek gürleşjek bolşumdy. Ýüzümi ýerden galdyryp bilmän keçäniň ýüzini dyrmap otyryn. Gylyç maňa:   –Jigim! Meni şu dünýä dahylly edýän eke-täk seniň barlygyňdyr. Başym dik bolsa, hiç kime seni ynjytmaga ýol bermerin. Ýöne dünýeler bulaşýar.  Ýurt elden gitdi. Sen bilýäň-ä jigim, men kapyra gul bolanymdan bürgüt ölümini ibaly görýän. Men dagdan aňyry aşjak. Ýöne sen  bu ýer-de gal. Men seni ýat ýurda äkitmäge dözemak jigim. Ýurduň zaryny çekmek ýamandyr. Jumanyýaz  gelnejem bilen Myrat agam näme diýse şonuň bilen boluber. Bularyň saňa ýamanlygy ýokdur. Men gelip bilsem arasynda ogryn-dogryn aýlanaryn. Hoş gal jigim - diýip  başymy sypap çykyp gitdi. Agam sözläp başlanyndan aglap oturşymdy. Jumanyýaz  gelnejem işikden gireninden içim-içime sygman agladym. Oňa ýuwaşlyjak bilen agamyň matlabyny aýan etdim. Ol gyňajynyň ujy bilen gözýaşyny syldy-da : -Agaň bir niýete münen bolsa, ony ýolundan saklap bilen bolmaz guzym-diýdi. Ol wgytlar dagdan aňyryk geçmegiň manysyna gatybir düşünip baramakdym. Ýurduň ýagdaýyna-da akylym ýetenokdy. Agam şol hoşlaşyp gideninden soň hem aram-aram gelip durardy. Her gezek geleninde-de aw etini getirerdi. Jumanýaz gelnejem  indi özümizden artan eti goňşulara gündiz paýlap bilmezdi. Ol iňrik garalandan soň «Bar, guzym, Hallygözel gelnejeňe «saçagyňy alyp gel, ejem çörek berjek diýýä» diýip aýdyp gel» diýip gyzyny ugradardy. Hallygözel gelnejä  artyk eti bererdi-de  «Goňşulara özüň paýlaý. Çagalara-da aw etidigini duýdurma» diýip tabşyrardy. Agam öňler gelenin-de  gijäniň ýaryndan soň gelerdi. Emma bu gezek gözedürtme garaňkylykda «Salawmaleýkim» diýip işikden giräýdi. Gylyç bilen Meret aga  içki otoga girip köp gürleşdiler.  Agam wagt peýläp «Jigim  Hürjemala «agam oba awa gelipdir, özünem gyssanmaç, öňki ýere geläýsin» diýip aýdyp gel» diýdi. Agamyň bu sözlerinden utanjyma  ýüzüm gyzyp gitdi. Hürjemal bilen agamyň öňem gürleşýänlerini aňdym. Elime tikip oturan tahýamyň ak sapagyny alyp «sapak sorajak» bahanasy bilen agamyň ýumuşuny bitirmäge ugradym. Barsam Hürjemalyň garryja enesi  işikdäki sekiniň üstünde çaý içip otyr.  Ol «Geleweri gyzym,  Hürjemalyň ýeke özi ýekesiräp otyrdy. Öýdäkileriň bary toýa gitdi» diýip meni garşylady. Meniň ýüregim gozganyp gitdi. «Sapak soramaga» gelen kişi bolmagam gerek bolmady. Habarymy aýdyp derrew dolandym. Gapydan girenimden Gylyç ýüzüme seretdi. Men  çalaja baş atdym. Ol eglenmän çykyp gitdi... Bahar bilen tomusyň sepgidi.  Jumanýaz gelnejemiň  dört ogly, ýeke gyzy kiçijik Mahym uklap ýatyrdy. Meret aga bolsa mal-garanyň töwereginde aýlanjyrap ýördi. Jumanýaz gelnejem ikimiz ýerimize girmän Gylyja garaşyp oturduk. Ol giýje ýarym bolup barýarka  geldi. Agam näçe gizlese-de onuň şatlygy ýüzüne çykyp durdy.  Ol gülli keçäniň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdu-da «Bar jigim çaý demlesene» diýdi. Men hälden bäri oduny öçürmän şygladyp oturan kitirimiň teýine ot salyp derrew gaýnatdym-da çaý demläp geldim. Elim çäýnekli ýönelenim hem şoldy welin assaja gürlese-de agamyň   «Özüň halamajak zadyňy ile-de  etmeli däl-dä» diýen sözüni eşitdim. Jumanýaz gelnejem bolsa, «Jan oglum, bolmasa, beýdip ýörme-de senem oba dolanaý. Il-gün bolup öýereli. Giden ýurdy ýeke özüň yza dolap bilmesiň» diýdi. «Aý, gelneje, maňlaýdakyny görübermeli bolar-da. Ýöne, men indi bu ýurda sygmaryn. Ony meniň ýüregim syzýar. Şu-da meniň iň soňky ýola gelşim bolarmyka diýýän» diýdi, gulagymyň eşiden sözleri aýaklarymy duşaklady. Meni çaý içmek üçin däl-de ýanlaryndan ugratmak üçin iberenlerine indi düşünip galdym. Duran ýerimde galpyldap başladym. Edil uçup barýardym. Sag elim-de göterip duran goşa çäýnegimiň şykyrdysy eşdilip ugrady. Zatdan bihabarsyrap çaýly çäýnegi saçagyň gyrasynda goýdum. Gylyç çaýli çäýnegi özüne tarap süýşürdi-de : -Bar, jigim, meniň eşiklerimiň hemmesini goş haltama salyşdyr-diýdi. Meniň hiç gözümiň ýaşy duranokdy. Agamyň geýimleriniň hemmesini saldym. Gelnejem: -Aýym, täze bişen çöregiň dördüsini saçaga dola. Çörekler jübüt bolar ýaly birini iki döwde tamdyr kökäni hem üstüne sal. Gyyç jan gezen ýerinde goltugynda göterer. Köke hem ýoldaş bolar-diýdi. Men Jumanýaz  gelnejemiň aýdyşy ýaly etdim. Agam goşlary taýýar bolansoň töwürini galdyrdy. Meret aga,  Jumanýaz gelneje bilen elleşip hoşlaşdy. Maňa bolsa, «Jigim saňa öň aýtjagymy aýdandyryn. Şu ojak seniň öz öjagyňdyr. Eneňem-ataňam gelnejem bilen agamdyr. Men ýok diýip gözüňden ýekeje damja ýaş damdyraýmagyn. Täleý ters bolmasa, belki ýene görüşeris. Hoş galyň» diýdi-de, dogumly ädimläp gädikden çykyp garaňkylyga siňip gitdi. Meniň şol günden soň dünýeden örküm üzülen ýaly boldy. Gijelerne gözýaşym kepmedi. Jumanýaz gelnejem  irden turanymda ýassygymyň öl-suwdugyny görüp : -Jan gyzym «Ýigidiň emgegi, eşegiň tezegi» diýilýändir. Başy dik gezip ýören adamyň yzynda munuň ýaly gözýaş edilýän däldir. Aýyp bolar-diýdi. Sesimi çykarman ýellenen gabaklarymy gizledim. ...Agamyň gideninden bir hep-de geçipdi. Arçynyň ýasawuly gelip Meret agany çagyryp gitdi. Gelnejem ikimiz Meret aga gelinçä iýmän-içmän gurt bolup oturdyk. Ol agşam namazy wagtlary dolanyp geldi.  Gelşine-de ýüzüni ýassyga berip uly sesi bilen aglady. Biz  hiç zat sorap bilmän  zagyrdap durdyk. Meret aga ol gün bir sözem aýtmady. Ertesi irden gelnejem ikimizi ýanyna çagyrdy-da: -Aýtuwak, gyzym mert bol, maňlaý-da bardyr. Dagyň arslany elden gitdi. Serhetden geçip barýarka Gylyja ok degipdir. Ony köp wagt bäri tutup bilmän ýören ekenler. Onuň kimdigini tanamak üçin golaýdaky obalaryň erkek göbeklisiniň ählisini şähere çagyrdylar. Gitmänkäk obanyň arçyny «Gylyjy ele salypdyrlar. Onuň kimdigini biljek bolup ot gorsaýarlar. Tanaýanyňyzy aňdyrdygyňyz işiňiziň gaýtdygydyr. Maşgalaňyz, neberäňiz bilen güm ederler» diýip, tabşyrdy. Biziň baran jaýymyzy ýaragly esgerler saklap duran ekenler. Adamlary hatara durzup o, gapydan girizip beýleki gapydan çykardylar. Gylyç neressäni hem agaç sekiniň  üstün-de  arkan ýatyrypdyrlar. Oňurga zeper ýeten bolarly. Gozganman gözlerini balkyldadyp ýatyr neresse. Maňa gözi düşenden  gözlerini ýumup açdy.  Gözýaşymy  zordan saklap çykyp gaýytdym. Meret aganyň getiren habary meni ýanyp duran oda oklanana dönderdi. Onuň bilen hen oňman kimdir biri gelip Içime otly kesindi salan ýaly boldy. Gözümdenem ýeke damja ýaş bir damsyn-la. Eger-eger. Ýöne süýnüp ýatyryn. Şol agşam içki otaga girişime ýerimden galmadym. Näçe gün ýatanym-a bilemak welin,  goňşy gelin ýaş üstünden aýryldy. Aýallaryň agysyny eşidip nädip ýas ýere baranymy bilmän galdym. Şulara baryp bir aglap başladym welin hiç kim diňdirip bilmedi. Märeke uly orlaşyk bolupdyr. Ana, şondan soň  bir ýer-de ýas bolsa gidip aglap-aglap ýüregimi gowzatmany  çykardym. Meniň üçin ýaşaýyşyň manysy gaçdy. Agama dahylly zatlaryň ählisi meni agladýardy. Hürjemaly gördügim-ä derdim täzelenerdi. Gylyçyň ölümini hiç kim aç-açan gürläp aýdyp bilenokdy. Ýöne bu bara-da oba-da bilmeýän hem ýokdy. Sesiz ýaýran şum habar oba adamlarynyň içinden urlan ýaly edipdi. Bu habar hasam Hürjemaly hazan ýeli çawlan gülälege döndüripdi. Ol görgüliniň ýalpyldap duran ýaňaklarynyň nury öçen ýaly bolaýypdyr. Öleniň yzynda ölüp bolýarmy. Uly ýurduň Şasyna «Äkidiň ezizimi, getiriň merezligimi» diýdiren ölümiň öňün-de sylaça ýaly ýetim gyz kimmişin. Bagryň para-para bolsa-da egsik göwnüňi göterip her täze dogan güni garşylap ýaşarsyň-da.  Jumanyýaz gelnejem bir gün meni ýanyna çagyryp: - Aýym gel hany  şujagaz ýer-de otur. «Gyz çaga kişiniňki», diýlenidir gyzym. Eneň ataň bar bolanlygyn-da  seniň bagtyňa şärik bolmak maňa ýetmezdi. Nätjek o, zatlary hem Alla buýrsa görmeli-dä. Ýaňy Söýün aga bilen Täçsoltan gelin  saňa söz aýdyp gelipdir. Eger göwnüňi bölýän ýeriň  bolmasa, şolaryň habaryny alaýaly. Sähet janam derek boýly ýigit «Köpüň biri-kölüň suwy» diýilýänlerden. Dört oglanyň körpesi-diýip meniň  ýüzüme seretdi. Men gözümden döküp ýere bakyp otyrdym... Döwre görä toý tutdular. Meniň dünýäme ýat bolan täze durmuş başlandy. Göwnüme ýylylyk çaýylan ýaly boldy. Ýöne näme «Erte güni çoýmadygy öýle güni neýlesin» diýleni-dä. Heniz Sähediň adyny tutup öwrenişmänkäm bagtyma gara çekip ony elimden alyp urşa ugratdylar. Sähet bilen bary-ýogy  üç gün ýaşaşypdym. Gül ömrümi kül eden, gelin ömrüm dul eden ganym uruş gaýynatamyň  dört gelni hem dul goýdy. Men  çuwalgyzlygyma galdym. Jumanyýaz gelnejemiň hem dört oglunda ýekeje Ýakupmyrat gaýdyp geldi. Agyr ýyllaryň keşgi gerdenmizden geçdi. Ajy günler, yzly-yzyna gelýän şum habarlar her gün derdimi täzeläp läle ýaly gelinleriň bagryny otlap durdy. Meniň agam Gylyjyň, Jumanyýaz gelnejemiň ogullary Ýakupmyradyň, Soltanmyradyň, Muhammetmyradyň, Maksatmyradyň ogullaryna, gyzlaryna «dakaryn» diýip niýetlän towşan aşyjaklarym el bukjamda düzümi bilen galdy.  Ony hiç kime bermäge dözmän köp ýyl sakladym. Iň soňunda-da düzümi bilen öz boýnumdan dakdym. Bir gün agşam işden gaýdyp gelýärkäm erbet başym aýlandy. Jumanyýaz gelnejem burçluja unaş bişirip berdi. «Bir derleseň açylarsyň» diýip, açyl nire. Şol ýaşan gün meniň iň soňky gören günüm bolsa näme. Oýanyp gözümi açdym. «Be howa ýagtylmandyrow» diýip ýene ýatjak boldum. Onýança Jumanýaz gelnejemiň  ýanjagazymdan aýak sesi eşidildi. Ol: -Aýym, sag-aman turduňmy?!-diýdi. Men bir içimi çekenimi bilýän. Dünýäni görmeýänime gorkyma huşumdan gidipdirin. Wah, balalarym gitjek ýeriň nire «Itim ýaly öwrenişersiň» diýleni.  Ondan bäri köp-köp çarşenbäni başdan geçirdik. Jumanyýaz eje-de, Meret aga-da berlenjesini ýaşap dünýeden gaýtdylar. Ýakupmyrat janam ene-atasynyň wesýetini tutup meni öz uýasy ýaly sylap otyr. Alladan gaýtsyn. Şu öýde ojak otlan damak bişirilmesede saçagymyň gyzgyn naharsyz wagty ýok. Goňşular hem getirip dur.  Elbet-de, olam Allanyň ýalkadygydyr-da. Aglap-aglap jereniňki ýaly gözlerim batyl bolsa-da agamyň agysy tükenmedi-dä keýgim. Biz Aýtuwak ejäniň gussaly ömrüniň kyssasyny demimizi alman diňledik. Meniň öňüm-de çapraz gelen ykbalyň hasratdan ýasan heýkeli otyrdy. Bu zenan bir seretseň-ä hasrat heýkeline, bir seretseňem mertligiň heýkeline meňzeýärdi. Onuň garamyk gözleriniň şöhlesi ýokdy. Maňlaýynda agyr ýyllaryň tagmasy joýa-joýa bolup durdy.  Başdaňysyndan çalaja çykyp duran altyn saçlary ykjap durdy. Onuň ýüzin-de päkizeligiň nyşany bolan haýa nikaby bardy. Ar-namysyň, päkligiň gulpy bolan haýa nikabyna çirk ýetirmedik naçary tutuş oba öz uýasy saýýardy.